«BAFTA Games Awards 2025» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

12.04.2025, 18:282,992

Beýik Britaniýanyň London şäherinde 8-nji aprelde Britaniýanyň kino we telewideniýe sungaty akademiýasynyň guramagynda «BAFTA Games Awards» baýragynyň 21-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň jemlerine görä, ähli nominasiýalar boýunça 2024-nji ýylyň iň gowy oýunlary yglan edildi.

Esasy baýrak Astro Bot oýnuna berildi. Bu oýun 2024-nji ýyldaky gowşurylyş dabarasynda hem ýeňiji bolupdy, şeýle-de bu gezek jemi bäş dürli nominasiýa boýunça baýrak aldy.
Ähli nominasiýalar boýunça ýeňijileriň sanawy:

  • ·Animasiýa: Astro Bot
  • ·Sungatda üstünlik: Neva
  • ·Sesde üstünlik: Astro Bot
  • ·Iň gowy oýun: Astro Bot
  • ·Britan oýny: Thank Goodness You’re Here
  • ·Ilkinji gezek çykan oýun: Balatro
  • ·Üstünlikli ösýän oýun: Vampire Survivors
  • ·Maşgala üçin oýun: Astro Bot
  • ·Diňe güýmenje üçin bolmadyk oýun: Tales of Kenzera: Zau
  • ·Oýun dizaýny: Astro Bot
  • ·Köp oýunçyly oýun: Helldivers 2
  • ·Aýdym-saz: Helldivers 2
  • ·Hekaýa: Metaphor: ReFantazio
  • ·Täze intellektual eýeçilik: Still Wakes the Deep
  • ·Baş keşbi ýerine ýetiriji: Alek Nýuman (Kaz Makliri, Still Wakes the Deep oýnunda)
  • ·Ikinji derejeli keşbi ýerine ýetiriji: Karen Danbar (Finli, Still Wakes the Deep oýnunda)
  • ·Tehniki üstünlik: Senua’s Saga: Hellblade II
  • ·BAFTA-nyň stipendiýasy: Ýoko Simomura
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.