Hytaý dünýäde iň uly gidroelektrostansiýanyň gurluşygyna başlady

22.07.2025, 19:4513,060

HHR-iň Döwlet geňeşiniň premýeri Li Sýan Tibet awtonom sebitindäki Ýarlung Sangpo derýasynda dünýäde iň uly gidroelektrostansiýanyň gurluşygynyň başlandygyny yglan etdi. Bu barada Interesting Engineering habar berýär.

Desganyň düýbüni tutmak dabarasy 2025-nji ýylyň 19-njy iýulynda Hindistan bilen serhediň golaýynda ýerleşen Tibetiň günorta-gündogaryndaky Ningçi şäherinde geçirildi. Taslama China Yajiang Group kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçirilýär.
Gurluşyk tamamlanandan soň gidroelektrostansiýa dünýäde iň ulusy bolar. Ol ýylda 300 mlrd kilowatt-sagat elektrik energiýasyny öndürer. Bu häzirki wagtda iň ulusy hasaplanýan Hubeý welaýatynyň Ýanszy derýasyndaky “Üç jülge” gidroelektrik stansiýasynyň görkezijilerinden üç esse ýokarydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.