Hytaý ÝB-nyň girizen sanksiýalaryna Ýewropanyň 14 kompaniýasyna çäklendirme girizmek bilen jogap berdi

Düýn, 19:063,653

Hytaý Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň 14 guramasyna garşy eksport çäklendirmelerini girizip, olara ikitaraplaýyn harytlary ugratmagy gadagan etdi. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Söwda ministrligi habar berdi.

Edaranyň beýanatyna görä, Hytaý hökümeti şol 14 kompaniýa Hytaýda öndürilen harytlaryň ýetmegini doly bökdedi. Şunlukda, indi ol harytlary hytaýlylaryň gönümel özleri-de satyp bilenok, şeýle-de bu gadaganlyk Hytaýdan alyp satjak daşary ýurtly araçylara hem degişlidir.

Sanawa degişlilikde «Lafert S.p.A.», «Garnet S.r.l.», «Sindlhauser Materials GmbH», «Rheinmetall AG», «Antraco Chemie-Handelsgesellschaft mbH», «InPACT S.A.» we «III-V LAB» ýaly kompaniýalar girdi.

HHR-nyň Söwda ministrliginde bu çäreleriň Ýewropa Bileleşiginiň Russiýa garşy täze sanksiýalar toplumyna Materik Hytaýdan we Sýangan (Gonkong) ýörite dolandyryş sebitinden 14 kärhanany girizmek kararyna jogap hökmünde kabul edilendigini ýaňzytdylar.

Edara çäklendirmeleriň HHR-nyň «Eksport gözegçiligi hakynda» kanunyna we ikitaraplaýyn maksatly harytlaryň eksport gözegçiligi baradaky düzgünnama laýyklykda girizilendigini nygtady. Aýdylyşy ýaly, bu çäreler milli howpsuzlygy üpjün etmäge, milli bähbitleri goramaga we Hytaýyň ýaýratmazlyk babatyndaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.

Ikitaraplaýyn maksatly harytlara parahatçylykly hem-de harby maksatlar üçin ulanylyp bilinjek önümler, tehnologiýalar we hyzmatlar girýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.