Iýun aýynda Hytaý ilkinji gezek bir aýyň dowamynda milliondan gowrak awtoulag eksport etdi.
Hytaýyň Awtoulag öndürijileri assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, daşary ýurtlara 1,037 million ulag iberildi, şunda eksportyň ýarysyndan gowragy täze energiýa çeşmelerindäki awtoulaglara — elektrokarlara we toga birikdirilýän (plagin) gibridlere degişlidir.
Maý aýy bilen deňeşdirilende, eksportyň möçbri 11,6%, ýyllyk hasaplamada bolsa 75% ýokarlandy. Birinji ýarym ýylyň netijeleri boýunça awtoulaglaryň daşary ýurtlara iberilmegi 65% artyp, 5 million birlikden geçdi. Şol bir wagtyň özünde, Hytaýyň pudaklaýyn kadalaşdyryjy edarasynyň tutuş 2026-njy ýyl üçin çaklamasy 7,4 million eksport edilen awtoulagdy.
Iýun aýynda daşarky bazarlara 523 müň elektrik awtoulagy we toga birikdirilýän gibrid iberildi — bu 2025-nji ýylyň şol bir aýyna garanyňda 1,6 esse köp. Hytaý awtoulaglaryna iň ýokary isleg Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda, Ýakyn Gündogarda we Russiýada bellendi.
Pudaklaýyn seljerijileriň bahalandyrmagyna görä, eksportyň ösmegi häzirki zaman önümçilik tehnologiýalarynyň hasabyna hytaý awtoulaglarynyň özüne düşýän gymmadynyň pesligi, şeýle hem däp bolan dünýä awtoulag öndürijileriniň elektrikleşdirilmek depgininiň haýallygy bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, hytaý kompaniýalary köpçülikleýin segmentde käbir bazarlarda adatça diňe premium klassyndaky awtoulaglarda elýeterli bolan enjamlary has ýygy hödürleýärler.