Aşgabatda 1-nji awgustdan 100-nji we 45-nji awtobuslaryň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgediler

02.08.2025, 19:1715,643

1-nji awgustdan Köpetdag şaýolunyň ugrunda bejeriş işleri geçirilýändigi sebäpli, 100-nji «Teke bazar — Arkadag şäheri» awtobus ugry we 45-nji «Teke bazar — Gökdere» awtobus ugry üýtgediler. Bu barada Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy habar berýär.

Täze ugurlar boýunça awtobuslar hereketlerini Görogly köçesinden Abadan jülge köçesinden demirgazyk tarapa öwrülip, soň Abadan şaýolundan günbatar tarapa Gurbansoltan eje şaýolunyň ugry bilen Gökdere şaýoluna çenli günorta tarapa dowam etdirerler. Soňra ugurlar Arkadag şäheriniň «Akhan» binasyna hem-de Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezine çenli dowam eder.
Awtobuslar hereketlerini yzyna hem şol ugurlar bilen Görogly köçesine çenli dowam etdiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.