Türkmenistanyň «Mukam» skripkaçylar topary Pekinde halkara baýragyna mynasyp boldy

Şu gün, 13:39466
1 / 2

Türkmenistanyň «Mukam» skripkaçylar topary 18-24-nji iýul aralygynda Pekinde geçirilen Ýaşlar orkestrleriniň halkara sungat hepdeliginiň ýeňijisi boldy.

Topar «Nusgawy orkestr» baýragyna mynasyp boldy, şeýle hem ýörite diplom we kubok aldy.

Sungat çäresine Meksikadan, Awstriýadan, Bolgariýadan, Indoneziýadan, Russiýadan, Türkmenistandan we Hytaýdan ýaşlar orkestrleri, ansambllary we dirižýorlary gatnaşdy. Sungat hepdeliginiň çäklerinde konsertler, orkestrleriň bäsleşikleri, bilelikdäki tejribe sapaklary we ussatlyk sapaklary geçirildi.

Türkmenistana Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplaryndan we konserwatoriýanyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylaryndan ybarat bolan «Mukam» topary wekilçilik etdi. Topara Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmark ýolbaşçylyk edýär.

Bäsleşigiň dowamynda topar meşhur nusgawy eserleri ýerine ýetirdi we emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Bäsleşik baýragyndan başga-da, topara konsertlerdäki üstünlikli çykyşlary we ýaşlaryň arasynda halkara saz hyzmatdaşlygynyň ösüşine goşan goşandy üçin güwänamalar gowşuryldy.

Sungat hepdeliginiň çäginde Sun Çingling adyndaky Hytaý ýaşlar ylmy-medeni merkezinde meşhur awstriýaly dirižýor, professor Kristof Kempestrini tarapyndan türkmen toparynyň sazandalary üçin ussatlyk sapaklary geçirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.