Türkiýede 6,1 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi

11.08.2025, 09:1222,265

Türkiýäniň günbataryndaky Balykesir şäherinde 6,1 bal ululykda ýertitreme hasaba alyndy. Bu barada respublikanyň Içeri işler ministrliginiň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça departamentine (AFAD) salgylanyp, TRT Haber habar berýär.

Seýsmiki haydsa 10-njy awgustda ýerli wagt bilen 19:53-de (Aşgabat wagty bilen 21:53) bolup geçdi. Ýertitremäniň merkezi 11 km çuňlukda boldy.
AFAD-yň maglumatlaryna görä, ýertitremäniň netijesinde Syndyrgy sebitinde bir bina ýumruldy, azyndan 24 desga zeper ýetdi.
Sarsgynlar Stambulda we goňşy welaýatlarda hem duýuldy.
Gözleg-halas ediş işlerine 300-den gowrak adam gatnaşýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.