2026-njy ýylyň Hyundai Tucson we Santa Fe-lerinde açara derek telefon ýa-da akylly sagat ulanyp bolar

28.08.2025, 13:344,699

Hyundai kompaniýasy Awstraliýanyň bazary üçin täzelenen Tucson we Santa Fe 2026 krossowerlerini hödürledi. Iki ulaga hem adaty açara derek iPhone ýa-da Apple Watch ulanmaga mümkinçilik berýän Digital Key 2 sanly açar goşuldy.

Hyundai Tucson kuzowyň täze Ecotronic Gray reňkini we kämilleşdirilen teker diskalaryny aldy. Şol bir wagtyň özünde bahalary hem arzanlady: 2.0 MPI hereketlendirijisi bolan esasy wersiýa indi 24,7 müň dollar durýar, bu komplektasiýasyna baglylykda 650-1600 dollar arzan diýmekdir. Gibrid wersiýasynyň bahasy 27,5 müň dollardan, iň ýokary Premium wersiýasy - 37,6 müň dollardan başlap hödürlenýär.
Hyundai Santa Fe-niň bahasy, tersine, tutuş hatarda birneme ýokarlandy (takmynan 260 dollar gymmatlady). Indi iň pes bahasy 34,500 dollar, iň ýokary derejeli Calligraphy AWD Gibrid wersiýasynyň iň ýokary bahasy 49,800 dollara ýetýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.