Täze Hyundai Tucson burçlak dizaýna we inedördül rula eýe bolar

Şu gün, 13:191,896
1 / 5

Günorta Koreýanyň Hyundai kompaniýasy meşhur "Tucson" krossoweriniň indiki neslini ýollarda synagdan geçirýär. Öňki gizlin düşürilen suratlar awtoulagyň daşky görnüşindäki üýtgeşmeler barada düşünje beren hem bolsa, "Carscoops" neşiriniň täze suratlary ilkinji gezek awtoulagyň salonyny görmäge we täze nusgany häzirki model bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berdi.

Interýeriň gizlenendigine garamazdan, suratlarda adaty bolmadyk burçlak görnüşdäki täze rul aýdyň görünýär. Enjamlar panelindäki toplumyň ornuny indi örän ykjam ekran eýeleýär. Öňki maglumatlara görä, nesil çalşygy bilen bilelikde "Tucson" brendiň soňky täze önümlerinde ulanylýan ösen "Pleos Connect" multimediýa ulgamyna geçer.

Krossoweriň daşky görnüşi düýpli üýtgeşmelere sezewar bolar: "Tucson-yň" kuzowy öňki ýapgyt üçeginden mahrum bolup, özüniň uly doganlary bolan "Santa Fe" we "Palisade" modellarine meňzeýän, brutal we inedördül görnüşe eýe bolar. Faralaryň esasy uly bloklary bamperde ýerleşdirildi, dik ýagdaýdaky ýol çyralary bolsa has ýokaryk çykaryldy.

Resmi däl maglumatlara görä, "Tucson-yň" täze nesli dolulygyna gibrid güýç gurluşlaryna geçer. Motor hatary 1,6 litrlik turbohereketlendirijiniň esasynda döredilen döwrebaplaşdyrylan benzin-elektrik ulgamlaryndan (hem adaty, hem-de elektrik togundan zarýad berip bolýan görnüşler) ybarat bolar. Şeýle wersiýalaryň iň ýokary kuwwaty 272 at güýjüne ýeter.

Bellenilmeli zat, iýun aýynyň ahyrynda Hyundai Günorta Koreýada "Avante" (beýleki bazarlarda "Elantra" ady bilen satylýar) sedanynyň täze neslini görkezdi. Dört gapyly awtoulag hem edil şonuň ýaly gyrkylyp-çyzylan stilistikada ýerine ýetirildi we täze mediýa ulgamyny aldy, ýöne şol bir wagtyň özünde klassiki içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri saklap galdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.