Hyundai 2026-njy ýylyň gibrid gurluşly Tucson krossowerini hödürledi

04.10.2025, 15:333,744

Hyundai kompaniýasy 2026-njy ýylyň täze Tucson Hybrid modelini tanyşdyrdy. Uzynlygy 4,5 metr bolan krossower täze enjam görnüşleri, kämilleşdirilen kömekçi ulgamlary we güýçlendirilen gibrid motory bilen çykdy.

Gibrid wersiýasy indi iki görnüşde hödürlenýär:

  • 1.6 T-GDI Hybrid (HEV) — 176 kWt / 239 at güýji bolan, awtomat geçiriji bilen,
  • şeýle hem doly hereketli wersiýasy bar.

Umumy güýç 18 kWt (24 at güýji) ýokarlandy, bu bolsa tizlenmäniň dinamikasyny gowulandyryp, iň ýokary tizligi 196 km/sag-a ýetirdi. Şeýle hem ulagyň çekijilik kuwwaty 1510 kg boldy — öňküsinden 150 kg köp.
Salonda iki sany birleşdirilen 12,3 dýuýmlyk displeý, täzelenen multimediýa ulgamy we giňeldilen howpsuzlyk funksiýalary peýda boldy. Model hataryna sport häsiýetini nygtap görkezýän N Line we täze N Line X görnüşleri hem goşuldy.
Täzelenen Tucson güýç, tygşytlylyk we häzirki zaman tehnologiýalaryny utgaşdyryp, sürüjä has ýokary rahatlygy we oýlanyşykly tejribäni hödürleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.