Türkmen karateçileri Belgradda geçirilen halkara ýaryşda iki medal gazandylar

10.12.2025, 10:493,965

Diýar Hojaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň adaty karate boýunça ýygyndysy Serbiýanyň paýtagty Belgradda geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdi.

Ýaryşyň netijelerine görä, türkmen türgenleri 21–34 ýaş aralygyndaky gatnaşyjylaryň arasynda «şahsy kumite» boýunça iki medal gazandylar.
Selim Myratdurdyýew öz agram derejesinde birinji bolup, altyn medal gazandy. Eziz Zekerýaýew bolsa bürünç medala eýe boldy.