Gawaidäki Kilauea wulkany 540 metr beýiklige lawa zyňdy

16.03.2026, 19:315,311
1 / 2

Gawai adasyndaky Kilauea wulkany soňky atylmasy wagtynda 540 metr beýiklige lawa zyňdy. «IFLscience» neşiriniň ýazmagyna görä, bu beýiklik 2024-nji ýylyň dekabryndan bäri dowam edýän häzirki atylmalar döwründe iň ýokary dereje boldy.

Kilauea dünýäniň iň işjeň wulkanlarynyň biri hasaplanýar. Ol adanyň günorta-gündogarynda ýerleşýär we «galkan görnüşli» wulkanlara degişlidir. Şeýle wulkanlaryň depesine tarap kem-kemden ýokarlanýan giň we ýapgyt eňňitleri bolýar. Olaryň bu görnüşi suwuk bazalt lawasynyň eňňitlere ýaýramagy netijesinde köp sanly atylmalardan soň emele gelipdir.

Kilauea has uly bolan Mauna-Loa wulkany bilen bilelikde Gawainiň Milli wulkanlar parkynyň düzümine girýär. Iki wulkan hem ýeriň mantiýasyndan gelýän gyzgyn akymlaryň ýüzüne çykyp, magmany emele getirýän «gyzgyn nokadynyň» üstünde ýerleşýär.

2024-nji ýylyň 23-nji dekabryndan bäri wulkanyň atylmagy wagtal-wagtal gaýtalanýar. Adatça, olar Halemaumau kraterindäki iki sany — demirgazyk we günorta agyzdan başlanýar. Belli bolşy ýaly, şeýle hadysalar 12 sagatdan az dowam edýär, olaryň arasyndaky arakesmeler bolsa iki hepdä çenli ýetip bilýär.

«43-nji hadysa» diýlip atlandyrylan soňky atylma 10-njy martda başlap, dokuz sagat töweregi dowam etdi. Bu wagtyň içinde wulkan köp mukdarda tefrany — wulkan külüniň, pemzanyň we beýleki ownuk dag jynslarynyň garyndysyny daşa çykardy.

Bu hadysa tamamlanandan soň, hünärmenler wulkanyň depesinde topragyň biraz ýokary galandygyny hasaba aldy. ABŞ-nyň Geologik gullugynyň maglumatlaryna görä, atylmanyň indiki tapgyry 28-nji martdan 14-nji aprel aralygynda bolup biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.