Daniýa howply «dowzah gurçuklary» bilen ýüzbe-ýüz boldy

Düýn, 16:456,333

Daniýanyň birnäçe şäherinde dub agaçlarynda ýaşaýan zäherli ýöriş ýüpek gurçuklary (Thaumetopoea processionea) peýda boldy. «Politiken» neşiriniň ýazmagyna görä, olar bilen galtaşmak adam saglygy üçin howpludyr.

Daniýada ýöriş gurup hereket edýän bu mör-möjekler «dowzahdan gelen gurçuklar» diýlip atlandyryldy. Olar Kopengageniň şäher etegindäki seýilgähleriniň birinde 30 sany agaçda, şeýle hem Nýuborg, Nordfýuns, Herning we beýleki şäherlerde tapyldy.

Gurçuklaryň endamynda 60 müňe golaý tüýjagazlar ýerleşýär, olar bilen galtaşmak adamda gijilewüge, örgüne we agyr allergik reaksiýalara sebäp bolup bilýär. Bu tüýjagazlar gözüň içine düşen ýagdaýynda konýuktiwitiň döremegine eltýär, dem alnan mahaly bolsa anafilaktik şok ýüze çykyp bilýär.

Gurçuklar uly toparlar bolup ýaşaýar we diňe dub agajynyň ýapraklary bilen iýmitlenýär. Olaryň zäherlilik ukybyny bäş ýyla çenli saklap bilýän tüýjagazlary şemal arkaly töwerege ýaýraýar, şol sebäpli hem mör-möjegiň özüni görmeseň-de, ondan zyýan çekmek mümkindir.

Şäherleriň häkimiýetleri gurçuklaryň bu akymyna garşy göreşmegi meýilleşdirýär. Olar bu mör-möjekler bilen ýüzbe-ýüz bolan şäherlere kömek bermek barada degişli edaralara ýüz tutdy. Baş maksat — liçinkalaryň gözegçiliksiz ýaýramagynyň öňüni almakdan ybarat.

Bu gurçuklar agaçlar üçin hem howpludyr — olar dub agajynyň ýapraklaryny iýip, şahalaryny ýalaňaç galdyryp bilýär. Şeýle ýagdaýda ösümlikler beýleki zyýankeşleriň, keselleriň we ýakymsyz şertleriň öňünde goragsyz galýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.