«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

11.06.2026, 09:067,704

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar.

Türkmenistandaky sport janköýerleri ýaryşyň jemi 104 duşuşygynyň ählisine göni ýaýlymda tomaşa edip biler.

Ýatlap geçsek, 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty özüniň göwrümi boýunça futbol taryhyndaky iň uly ýaryş bolar. Ilkinji gezek dünýä futbolynyň baş kubogy ugrunda ýaryşyň final tapgyrynda 48 milli ýygyndy bäsleşer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.