Kentukki uniwersitetiniň alymlary Gerkulanum şäherindäki bir köşkde tapylan gadymy papirus golýazmasynyň bir bölegini okamagy başardylar. Bu köşk hem, edil tutuş şäher ýaly, biziň eýýamymyzyň 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde galyň kül gatlagynyň astynda galypdyr.
Gözlegçiler Rim imperatory Gaý Ýuliý Sezaryň gaýyn atasy Lusiý Kalpurniý Pizon Sezonin bilen baglanyşdyrylýan bu köşkden tapylan golýazmalaryň biriniň takmyndan 20 sütün tekstini kompýuter arkaly wirtual waraklap okamagy başardylar. Köşgüň çäginden tas iki müň ýyllap daşlaryň, külüň we lawanyň astynda ýatan jemi 600-den gowrak papirus tapylypdyr. Golýazmalar ýanyp kömre öwrülendigi we örän durumsyzdygy sebäpli, çala el degirdigiň owraň-owraň bolup dökülýär. XVIII asyryň ortalaryndan bäri olary açyp okamaga edilen synanyşyklar sebäpli papiruslaryň bir bölegi gysga wagtda ýok bolupdyr, bir bölegi bolsa okap bolmajak ýagdaýa gelipdir.
Bu tekstleri «Vesuvius Challenge» taslamasyna gatnaşyjylar tarapyndan işlenip taýynlanan emeli aň arkaly okamak başartdy. Eger-de 2023-nji ýylda alymlar diňe käbir belli-belli sözleri saýgaryp bilen bolsalar, häzir eýýäm birnäçe golýazmadaky jemi 230-a golaý tekst sütünleri okaldy.
2000-nji ýyllaryň başynda golýazmalara fiziki taýdan el degirmezden, olary sanly ulgamda «açmagyň» ilkinji usullaryny döreden Kentukki uniwersitetiniň alymy Brent Sils: «Men munuň taryhy bir öwrülişik pursadydygyna ynanýaryn, çünki mundan beýläk biziň gürrüňlerimiz tehnologiýa barada däl-de, şol gadymy tekstleriň mazmuny barada bolar» diýip belledi.
Iň soňky tapylan zatlaryň arasynda gadymy epikureýçi-filosof Filodem Gadarskinyň «Hudaýlar barada» diýen ylmy işiniň täze bölümleri bar. Ol Sezaryň gaýyn atasynyň köşgünde resmi taýdan alym hökmünde işländir diýlip çaklanylýar. Öň bu eser diňe bir bölümden ybaratdyr öýdülen hem bolsa, täze okalan golýazma onuň sekiz bölümden ybaratdygyna yşarat berýär.
Alymlar köşgüň kitaphanasynyň has uludygyny belleýärler. Golýazmalar goňşy Pompeý şäherindäki ýaly doly ýanyp gitmän, diňe kömürleşendigi üçin şu güne çenli saklanyp galypdyr. Häzirki wagta çenli tapylan golýazmalaryň bary-ýogy ondan bir bölegi skanerlendi, şol sebäpli kitaphanany öwrenmek işleri häzir hem dowam edýär.