Ýaponiýa ýurtdan çykmak üçin alynýan salgydy 3 esse ýokarlandyrdy

Şu gün, 14:382

Ýaponiýa 1-nji iýuldan başlap ýurtdan çykmak üçin alynýan halkara syýahatçylyk salgydyny üç esse artdyrdy. Bu ýygymyň möçberi 1000 ýenadan 3000 ýena (häzirki hümmet boýunça, takmynan, 6 dollardan 18 dollara) çenli ýokarlandy diýip, NHK telekanaly habar berýär.

Bu salgydy Ýaponiýadan gidýän ähli syýahatçylar, şol sanda ýurduň öz raýatlary hem tölemäge borçludyr. Alynjak bu mukdar 1-nji iýuldan başlap satyn alnan howa we deňiz petekleriniň, şeýle hem beýleki ýol resminamalarynyň bahasyna goşulýar.

Bu salgyt her ýyl ýurduň býujetine, takmynan, 50 milliard ýena (takmynan, 308 million dollar) girdeji getirýär. Ýygym ýokarlandyrylandan soň, ýyllyk goşmaça düşewüntleriň, takmynan, 120 milliard ýena (takmynan, 739 million dollar) barabar bolmagyna garaşylýar.

Ýurduň hökümeti bu goşmaça serişdeleri aşa köp syýahatçylyga garşy göreşmäge we daşary ýurtly syýahatçylaryň barha artýan akymy bilen baglanyşykly ýüze çykýan meseleleri çözmäge gönükdirmegi meýilleşdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.