Beýik Britaniýanyň Garfield AI kompaniýasy emeli aň tarapyndan taýýarlanan iş boýunça kazyýetde ilkinji gezek üstünlikli ýeňiş gazanylandygyny habar berdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bu ulgam kazyýet seljerişligi başlanmazyndan öň talap edilýän hukuk resminamalarynyň tas tutuş toplumyny özbaşdak taýýarlapdyr.
Kazyýet işi ýerine ýetirilen ýumuş üçin 7 müň funt sterling möçberindäki bergini yzyna almak baradady. Arza beriji adaty aklawjylaryň hyzmaty üçin ediljek çykdajylaryň kazyýet arkaly yzyna alynjak puluň möçberinden hem köp boljakdygyny bilenden soň, Garfield AI hyzmatyndan peýdalanmagy makul bilýär. Oňa talap arzasyny we kazyýet şikaýatyny taýýarlamak bary-ýogy 400 funt sterlinge golaý pula düşýär.
Emeli aň ulgamy talap resminamalaryny düzýär, kazyýet işiniň materiallaryny taýýarlaýar, jogapkäriň beren garşylykly arzasyny seljerýär, subutnama binýadyny emele getirýär, dört sany şaýadyň görkezmesini taýýarlaýar we kazyýet mejlisi üçin gerek bolan ähli resminamalary ýygnaýar. Kazyýet diňlenişiginiň barşynda arza berijiniň bähbitlerini kazyýetde aklawjy Dominik Li goraýar.
Şeýlelikde kzyýet talap arzasyny doly kanagatlandyrýar we jogapkär tarapdan bergini tutuşlygyna yzyna almak kararyna gelýär.
Garfield AI platformasy Beýik Britaniýanyň Solisitorlaryň işini düzgünleşdiriş müdiriýetinden 2025-nji ýylyň aprel aýynda ygtyýarnama alypdyr. Bu platforma bahasy 30 funtdan 10 müň funt sterlinge çenli bolan raýat jedellerine seretmek üçin niýetlenendir.
Ulgamy döredijiler emeli aňyň iňlis hukugynyň çäklerinde işlemäge öwredilendigini we onuň esasy maksadynyň kazyýet oturgyçlarynda aklawjylaryň ornuny tutmak däl-de, kazyýet işlerini taýýarlamagy awtomatlaşdyrmakdan ybaratdygyny belleýärler.