Melaniýa baradaky şowsuz çykan dokumental film Trampa $10,7 mln getirdi

Şu gün, 11:523,189

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Birinji hanym Melaniýa Trampa bagyşlanan «Melaniýa» atly dokumental film üçin 10,7 million dollar möçberinde ygtyýarnama töleglerini aldy. Bu barada onuň 2025-nji ýyl üçin niýetlenen ýyllyk maliýe jarnamasynda bellenilýär.

Režissýor Brett Retneriň düşüren bu filmi Melaniýa Trampyň maşgalasynyň Ak tama dolanmaga taýýarlyk görýän döwründäki durmuşy barada gürrüň berýär. Film üçin hukuklary Amazon MGM Studios kompaniýasy 40 million dollara satyn alypdy. Şeýle hem filmiň mahabaty we prokaty üçin ýene-de 35 million dollar töweregi serişde sarp edildi.

Maýa goýumlaryň uly möçberine garamazdan, filmiň bütin dünýädäki kassa ýygymy bary-ýogy 16,6 million dollar boldy. Kinoteatrlardaky görkeziliş tamamlanandan soň, bu film Prime Video striming platformasynda çykdy.

Maliýe jarnamasyna görä, Donald Tramp Birinji hanymyň memuarlary üçin hem 521 müň dollar ygtyýarnama tölegini aldy. Melaniýa Trampyň ady bilen baglanyşykly NFT we beýleki sanly kolleksiýa taslamalary bolsa maşgala, takmynan, 6 million dollar getirdi.

Donald Trampyň 2025-nji ýyldaky umumy girdejisi 2,2 milliard dollardan geçdi. Munuň, takmynan, 1,4 milliard dollary maşgalanyň kriptowalýuta taslamalarynyň paýyna düşdi.

Amazon MGM Studios kompaniýasynyň filmi satyn almak baradaky şertnamasy jemgyýetçilikde jedellere sebäp boldy. Senator Elizabet Worren kompaniýanyň şeýle etmek bilen Trampyň administrasiýasynyň goldawyny gazanmaga synanyşan bolmagynyň mümkindigi baradaky pikiri öňe sürdi. Amazon bolsa bu aýyplamalary ret edip, hukuklaryň bäsdeşlik söwdalarynyň netijesinde we diňe täjirçilik bähbitlerinden ugur alnyp satyn alnandygyny nygtady. Soňra şeýle garaýşy kompaniýanyň esaslandyryjysy Jeff Bezos hem tassyklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.