Aşgabatda hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi

Şu gün, 13:03682
1 / 4

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri gatnaşdy. Azerbaýjan wekiliýetine ýurduň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow ýolbaşçylyk etdi.

Mejlise gatnaşyjylar ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna seretdi we hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça täze teklipleri ara alyp maslahatlaşdy. Esasy üns söwdany, maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmäge, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga, şeýle hem özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga gönükdirildi.

Şeýle-de, taraplar nebitgaz we elektroenergetika ulgamlarynda, ulag, logistika, üstaşyr geçirmek, sanly ösüş we telekommunikasiýa ugurlarynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy. Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky gatnawlary ösdürmekde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Baku Halkara deňiz söwda portunyň döwrebaplaşdyrylan düzümleriniň eýeleýän ähmiýeti bellenilip geçildi.

Ynsanperwer ulgamda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň we Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň, şeýle-de ylym, bilim, sport we ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ähmiýetine üns çekildi.

Mundan başga-da, taraplar oba hojalygy, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we şähergurluşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.

Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi, onda netijeli hyzmatdaşlygy artdyrmak boýunça bilelikdäki ädimler kesgitlenildi.

Wekiliýetleriň dar düzümdäki duşuşygynyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary we gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek barada giňişleýin pikir alyşma boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.