Gazagystan «Astana» markasy astynda öz awtobuslaryny öndürip başlar

Şu gün, 10:282,453

Gazagystanda täze «Astana» milli brendi astynda awtobuslar öndürilip başlanar. Bu barada ýurduň hökümet mejlisinde «Astana Group» kompaniýasynyň başlygy Nurlan Smagulow habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, kompaniýanyň esasy taslamalarynyň biri Hytaýdan bolan tehnologik hyzmatdaşlar bilen bilelikde hem-de dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň komponentlerini ulanmak arkaly işlenip düzülen hususy awtobus hataryny önümçilige girizmek bolar. Şol bir wagtyň özünde awtoulaglaryň dizaýny gazagystanly inženerleriň gatnaşmagynda işlenip taýýarlandy.

Önümçilik Gazagystanyň çäginde ýola goýlar, «Astana» brendine bolan hukuklar bolsa kompaniýanyň özüne degişli bolar.

Dizel we gaz bilen işleýän awtobuslaryň öndürilip başlanmagy şu ýylyň noýabr aýynda meýilleşdirilýär. Brend astyndaky elektrik modelleriň önümçiligi bolsa 2027-nji ýylyň mart aýyna bellenildi.

Nurlan Smagulowyň bellemegine görä, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Gazagystanyň öz awtotransportyny döretmäge bolan islegini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.