24-nji iýulda «Awatar: Ýedi gaçybatalga» («Avatar: Seven Havens») multserialynyň — «Awatar» älemi boýunça täze taslamanyň ilkinji tizeri hödürlendi. Onuň premýerasy 9-njy oktýabrda Paramount Plus striming platformasynda bolar.
Täze serial «Aang hakynda rowaýatyň» we «Korra hakynda rowaýatyň» wakalaryny dowam etdirer. Onuň awtorlary ýene-de Maýkl DiMartino we Braýan Koniesko boldy.
Esasy gahrymanlar Ýer halkyndan bolan ekiz uýalar bolar, olaryň biri täze Awatardyr. Sýužet boýunça Korra sebäpli boldy diýlip hasaplanýan heläkçilikden soň dünýä weýran bolýar, şonuň üçin Awatarlara ynamsyzlyk bilen garaýarlar, esasy gahryman bolsa hemişe howp astynda bolýar.
Premýera gününde tomaşaçylara birbada umumylykda 26 bölümden ybarat iki sany «kitap» elýeterli bolar.