10 mln dollar: Maradonanyň «Asyry goluny» salan topunyň ýeli gitse-de, bahasy galýar

Şu gün, 13:121,214
1 / 2

«Heritage Auctions» söwda öýi taryhdaky iň meşhur futbol toplarynyň birini — Adidas Azteca topuny satlyga çykardy. 1986-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň çärýek finalynda Argentina we Angliýa ýygyndylarynyň arasyndaky oýun hut şu topda oýnalypdy.

Bu top bilen Diýego Maradonanyň gatnaşmagyndaky iki sany meşhur waka baglydyr. Olaryň ilkinjisi — emin tarapyndan ýalňyşlyk bilen hasaba alnan, el bilen urulan goldur. Bu pursat taryha «Hudaýyň eli» ady bilen girdi. Ondan bary-ýogy dört minut geçenden soň bolsa, Maradona ýarym meýdançadan ýeke özi garşydaşlaryň birnäçesini aldap geçip, «Asyryň goly» diýlip yglan edilen goly derwezä girizdi.

40 ýylyň dowamynda bu sport esbaby ep-esli pyssardy we öňki görnüşini ýitirdi, emma muňa garamazdan, onuň taryhy ähmiýeti barha ýokarlanýar.

Söwdalar 31-nji iýulda 2,5 million dollar başlangyç baha bilen başlanar, guramaçylaryň çaklamagyna görä, harydyň ahyrky bahasy 10 million dollara ýa-da ondan hem gymmatlap biler.

2022-nji ýylda bu top öňki auksionda 2,37 million dollara satylypdy. Şondan çen tutup, onuň bahasy dört esse töweregi galyp biler diýlip garaşylýar. Eger çaklanylýan möçbere ýetilse, bu top futbola degişli gymmatly ýadygärlikleriň arasynda rekord goýup, 2022-nji ýylda şol oýunda geýlen we takmynan 9,3 million dollara satylan Maradonanyň köýnekçesini yza galdyrar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.