25-nji iýulda halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Hazar deňziniň suw giňişliginde deňiz gämisine edilen hüjüm barada maglumatlaryň çap edilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şeýle hereketleriň ýol berilmesizdigini beýan edýär.
Türkmenistan hazarýaka döwletleriniň biri bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurt hökmünde Hazar deňziniň parahatçylygyň, agzybirligiň we hoşniýetli goňşuçylygyň deňzidigini aýratyn belleýär diýlip, ministrligiň saýtynda nygtalýar.