Türkmenistan we Belarus diplomatik hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdi

Şu gün, 16:51832

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we onuň belarusly kärdeşi Maksim Ryženkow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdi. Bu barada THP habar berýär.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda geçirildi.

Gol çekilen resminama Belarusyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitleýär.