Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Şu gün, 16:422,319

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany russiýaly kärdeşini doglan güni bilen mähirli gutlap, oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk we döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Liderine ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge berýän uly ünsi we goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Wladimir Putin, öz gezeginde, gutlaglar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi. Ol Serdar Berdimuhamedowyň döwletara dialogy berkitmäge hem uly goşant goşýandygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny tassyklady. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şeýle hem BMG-niň we GDA-nyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi aýratyn bellenildi.

Serdar Berdimuhamedow bahym Wladimir Putin bilen «Awazada» geçiriljek duşuşygyň ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Prezidentler Awazadaky çäreleriň çäklerinde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we Hazar ekologiýa sammitine hem gatnaşar.