Awazada GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi başlandy

Şu gün, 16:591,944

Şu gün Hazar deňziniň ýakasynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Berkarar» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi başlandy. Bu barada THP habar berýär.

GDA ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini, şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşýar.

Gatnaşyjylar Arkalaşygyň çäklerinde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmäge, häzirki kynçylyklara we howplara bilelikde garşy durmagyň gurallaryny kämilleşdirmäge, şeýle hem halkara meýdançalarynda hereketleri utgaşdyrmaga aýratyn üns berer.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça ministrleriň GDA ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we integrasiýa amallaryny giňeltmäge gönükdirilen bilelikdäki resminamalaryň toplumyna gol çekmegine garaşylýar.

Türkmenistan bu mejlisi 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde kabul edýär.