Belarus parlamentiniň wekili türkmen kärdeşlerini Polosk şäherindäki foruma çagyrdy

Şu gün, 12:061,165

Belarusyň Polosk şäherinde 12-13-nji oktýabr aralygynda ilkinji gezek halkara görnüşdäki maşgala forumy geçiriler. Bu barada Belarusyň Milli Ýygnagynyň Respublikanyň Geňeşiniň bilim, ylym, medeniýet we durmuş ösüşi boýunça hemişelik komissiýasynyň başlygy Natalýa Pawlýuçenko «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen zenanlar forumynda mälim etdi diýip, THP habar berýär.

Pawlýuçenko türkmenistanly we dialoga gatnaşýan beýleki kärdeşlerini foruma işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Belarusyň wekili gender deňliginiň, eneligi we çagalygy goldamagyň Respublikanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, ýurtda zenanlar üçin durmuşynyň iň möhüm pursatlary boýunça çäreler ulgamy döredildi.

Ol Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň karary bilen ýurtda 2026-njy ýylyň «Belarus zenany ýyly» diýlip yglan edilendigini ýatlatdy.

Zenanlar ilatyň 54 göterimini düzýär, zähmete ukyply ýaşdaky zenanlaryň iş bilen üpjünçiligi bolsa 85,5 göterimden geçýär. Hökümetiň gözegçiliginde Gender syýasaty boýunça milli geňeş işleýär, zähmet hakynyň deňligi üpjün edilýär hem-de işi we çagalary terbiýelemegi utgaşdyrmak üçin şertler döredilýär.

Belarusyň wekiliniň maglumatyna görä, ýolbaşçy wezipelerde zenanlaryň wekilleri hem artýar: olar Milli Ýygnakda ýerleriň takmynan 33 göterimini, ýokary derejeli döwlet dolandyryş edaralarynda 36 göterimini, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynda 48 göterimini we kazyýetlerde 67 göterimini eýeleýär. Respublikada zenan telekeçiliginiň paýy, takmynan, 42 göterime ýetdi.

Pawlýuçenko maşgala institutyny goramagyň Belarusda Konstitusiýa derejesinde berkidilendigini we iň möhüm döwlet wezipeleriniň biri hasaplanýandygyny aýratyn belledi.