«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada THP habar berýär.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegi uly ugurlaryny maslahatlaşdy.
Esasy üns syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirildi. Taraplar hem ikitaraplaýyn derejede, hem-de halkara guramalaryň çäklerinde mundan beýläk-de netijeli dialogy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.
Resminama bilelikdäki işiň esasy ugurlaryny kesgitleýär we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň işini mundan beýläk-de utgaşdyrmagy göz öňünde tutýar.