Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogy öz işine başlady. Bu barada THP habar berýär.
Foruma kanun çykaryjy edaralaryň, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň hem-de bilermenler jemgyýetleriniň wekilleri gatnaşýar. Onda zenanlaryň parahatçylyk döredijilik işlerine, öňüni alyş diplomatiýasyna we Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ornuny ara alyp maslahatlaşýarlar.
Duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesi «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly ählumumy maksatnamadyr. Gatnaşyjylar döwlet dolandyryşynda, durmuş-ykdysady ulgamda we parahatçylyk döredijilik işlerinde zenanlar üçin deň mümkinçilikleri üpjün edýän hukuk mehanizmlerine garadylar.
Duşuşygyň geçirilmegi Türkmenistanyň gender deňligi ulgamynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek we halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça yzygiderli alyp barýan syýasatynyň aýdyň beýany hökmünde bellenilýär. Türkmenistan döwletleriň arasynda tejribe alyşmaga we sebitde özara ynamy pugtalandyrmaga hyzmat edýän dialog meýdançalarynyň yzygiderli guramaçysy hökmünde çykyş edýär.
Forumyň jemleri boýunça gatnaşyjylar maslahatlary we teklipleri taýýarlap, olary zenanlaryň hukuk taýdan goragyny giňeltmäge, olaryň halkara hyzmatdaşlygyna has işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge hem-de durnukly parahatçylyk başlangyçlaryny ilerletmäge gönükdirerler.