Adam beýnisi 7,5 mlrd gigabaýta çenli maglumaty saklamaga ukyply

04.08.2026, 19:363,520

Adamyň ýady diňe birnäçe aýratyn sinapslarda (öýjük birleşmelerinde) emele gelmän, eýsem neýron toparlarynyň köpçülikleýin işi netijesinde ýüze çykýar. Bu täze modele görä, maglumat belli bir öýjüklerde däl-de, neýronlaryň bilelikdäki durnukly elektrik işjeňliginde we olaryň ritmleýin yzygiderliliginde saklanýar.

National Science Review žurnalynda çap edilen ylmy işiň awtorlary şeýle netijä geldiler: eger beýniniň işleýşiniň bu modeli dogry bolsa, onda adamyň ýat göwrümi takmynan 7,5 milliard gigabaýta ýetip biler. Bu bolsa öňki kabul edilen çaklamalardan takmynan müň esse köpdür.

Çaklamany barlamak üçin gözlegçiler birleşdirilen uly klastere degişli ýönekeýleşdirilen neýronlar toplumyndan ybarat sanly modeli döretdiler. Modelirleme wagtynda ulgam durnukly elektrik ritmlerini emele getirdi. Awtorlaryň pikiriçe, bu ýagdaý beýnide maglumatyň saklanyş mehanizmini düşündirip biler.

Alymlar haos teoriýasynyň we fraktal geometriýasynyň usullaryny ulanyp, beýniniň şeýle gurluş ýörelgesi aýratyn sinapslaryň ýagdaýyny hasaplamaga esaslanan öňki modeller bilen deňeşdirilende, ýadyň mümkin bolan göwrümini ep-esli artdyrýar diýen karara geldiler.

Şeýle hem bu barlag beýniniň hasaplama kuwwaty baradaky düşünjelere täzeden seretmäge mejbur edýär. Awtorlar beýniniň güýji takmynan 78 müň sany ýokary öndürijilikli wideokartanyň işjeňligine deň diýip hasap edýärler. Şunlukda, beýni energiýany teoretik termodinamiki minimumyň derejesinde sarp edýär. Deňeşdirip aýtsak, emeli aň ulgamlary üçin ulanylýan häzirkizaman çipleri bu çäk bilen deňeşdirilende takmynan bir milliard esse köp energiýa harçlaýar.

Barlagyň awtorlary bu netijeleriň geljekde gurluşy boýunça adam beýnisiniň iş prinsipini gaýtalaýan täze prosessorlary işläp düzmekde giňden ulanylyp bilinjekdigini belleýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.