Oýna dolanmak: Dueýn Jonson bilen «Jumanji 3» filminiň treýleri çykdy

30.07.2026, 11:245,029
1 / 3

Sony «Jumanji» («Джуманджи») franşizasynyň «Open World» goşmaça adyny alan üçünji bölüminiň treýlerini köpçülige hödürledi.

Filmiň dünýä prokatyna çykmagy 25-nji dekabra meýilleşdirilýär. Ilbaşda görkeziliş 11-nji dekabra göz öňünde tutulypdy, ýöne mart aýynda ol yza süýşürildi. Munuň sebäbi, uly ähtimallyk bilen, 18-nji dekabryň baş premýeralary bolan «Dýunanyň» («Дюна») üçünji bölümi we täze «Ar alyjylar» («Мстители») filmleri bilen bäsleşikden gaça durmak bolup biler.

Taslamanyň režissýory ýene-de öňki iki bölümi surata düşüren Jeýk Kezdan boldy. Baş rollary Dueýn Jonson («Ýumrujy» / «Крушитель»), Kewin Hart («Bir ýarym içaly» / «Полтора шпиона»), Jek Blek («Minecraft kinoda» / «Minecraft в кино») we Karen Gillan («Älem goragçylary» / «Стражи Галактики») ýerine ýetirerler. Noýabr aýynda aktýorlar ssenariý okalyşyndan bilelikdäki suratlaryny paýlaşypdylar.

Filmiň prodýuserleri Mett Tolmak, Dueýn Jonson, Dennet Garsiýa, Hiram Garsiýa we Jeýk Kezdan. Sýužetiň jikme-jiklikleri häzirlikçe aýan edilmeýär.

Franşiza 1995-nji ýylda Robin Williamsyň gatnaşmagyndaky meşhur bolan ilkinji film bilen başlandy. Film howply stol oýny barada gürrüň berýärdi. 2017-nji ýylda Kezdan bu taryhy täzeden başlatdy: «Jumanji: Jeňňeliň çagyryşy» («Джуманджи: Зов джунглей») kassa ýygymlarynda 962,5 mln dollar toplady, 2019-njy ýyldaky sikwel «Täze dereje» («Новый уровень») bolsa ýene 801,6 mln dollar goşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.