Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky döwlet topary Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde iş saparynda bolýar diýip, TDH habar berýär.
Saparyň esasy maksady ahalteke bedewleriniň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna hem-de onuň çäklerindäki çärelere guramaçylykly taýýarlyk görmekden ybarat.
Kronenberg şäherinde geçirilen duşuşyklaryň barşynda halkara çäreleri guramaga niýetlenen meýdança bilen tanyşdyrylyş çäresi boldy. Şeýle hem türkmen wekiliýeti ýerli atşynaslar hem-de halkara hünärmenler bilen duşuşyp, ýaryşlaryň geçiriliş tertibi, meýdançalaryň milli bezeg işleri, gözellik bäsleşiginiň geçiriljek ýeriniň aýratynlyklary we özara tejribe alyşmak barada maslahatlaşdy. Ýerli hünärmenler türkmen halkynyň milli atşynaslyk däplerini Ýewropa ýurtlarynda netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetine üns berdi.
Söhbetdeşliklerde türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem aýratyn nygtaldy. Bellenilişi ýaly, bu gadymy türkmen halkynyň atlary seýislemek ýörelgeleriniň halkara derejedäki ykrarnamasydyr.