Döwletjan Ýagşymyradow BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi boldy

31.07.2026, 18:5713,316
1 / 3

Garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi boldy. Türgene hormat hatyny BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň bu guramanyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew gowşurdy.

Resmi habarda Ýagşymyradowyň bu wezipä bellenmeginiň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge, şeýle hem sport arkaly parahatçylyk we dostluk gymmatlyklaryny ilerletmäge gönükdirilendigi nygtalýar.

Döwletjan Ýagşymyradow iň belli türkmen söweşijileriniň biri hasaplanýar. Ol öz karýerasynda 26 gezek ýeňiş gazandy we sekiz gezek ýeňlişe sezewar boldy. Bir söweş hem deňme-deňlikde tamamlandy.

BMG-niň Dostluk oýunlaryny geçirmek başlangyjy Türkmenistan tarapyndan öňe sürüldi. Oýunlary her ýyl geçirmek baradaky Kararnama BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda kabul edildi. Hasap boýunça üçünji ýaryş 2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda başlandy. Şu ýylyň sport maksatnamasyna 10 ugur boýunça ýaryşlar girdi: futbol, basketbol, woleýbol, tennis, stol tennisi, badminton, piklbol, küşt, ylgaw we ýoga.

Sport-diplomatik işi bilen birlikde Ýagşymyradow häzirki wagtda nobatdaky söweşine taýýarlygyny dowam etdirýär. Onuň PFL New York ýaryşynyň çäginde beýik britaniýaly Simeon Pawell garşy söweşi 2026-njy ýylyň 31-nji iýulyndan 7-nji awgustyna geçirildi.

Türgeniň özi sosial torlarda senäniň üýtgemeginiň garşydaşyň komissiýasy tarapyndan ýüze çykan tehniki meseleler bilen baglanyşyklydygyny aýtdy we ýagdaýyň täze senä çenli çözülmegine umyt bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.