Neýroulgam üçin kagyz «ýangyç»: EA döredijiler kitaplary satyn alýarlar we ýok edýärler

02.08.2026, 11:162,745
1 / 2

Emeli aňy işläp düzýän öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalary öz neýroulgmalaryna öwretmek üçin bukinistlerden – köne kitap satyjylaryndan kagyz kitaplary köpçülikleýin satyn alýarlar. Olar millionlarça tomlary skanerleýärler. Bu amaldan soň bolsa kitaplar diňe zibile zyňaýmaly ýagdaýa gelýär. Muňa garamazdan, EA döredijilerde kanuny düşünişmezlikler köplenç maglumatlary garakçy saýtlardan ýüklän ýagdaýlarynda ýüze çykýar.

Awtorlyk hukugyny saklaýjylaryň Anthropic kompaniýasyna garşy açan şikaýatyna sereden amerikan korporatiw kazyýeti aşaky instansiýanyň kararyny tassyklady we korporasiýanyň kitaplaryň garakçy nusgalaryny ulanyp, kanuny bozandygyny tassyklady. Bu iş boýunça jerimäniň möçberi 1,5 milliard dollara ýetdi. Emma jemgyýetçiligiň we köpçülikleýin habar serişdeleriniň ünsüni bikanun ulanylan mazmun üçin tölenen öwez puly däl-de, iş boýunça köpçülige aýan edilen 4 müň sahypalyk maglumatlar çekdi. Ol resminamalardan belli bolşy ýaly, EA kompaniýalary öz modellerini öwretmek üçin kagyz neşirleri satyn alýarlar we soňra olary ýok edýärler.

Bu habary 404 Media we The Washington Post ýaly neşirler hem ýazdy. Decrypt saýty bolsa kompaniýalaryň edebiýata beýle çemeleşmelerini Reý Bredberiniň «Farengeýt boýunça 451 dereje» romanyndaky kitaplaryň ýakylyşyna meňzetdi. Kazyýete hödürlenen resminamalardan Anthropic kompaniýasynda birnäçe ýyldan bäri «Panama» diýlip atlandyrylýan we kompaniýanyň mümkin boldugyndan gizlin saklamak isleýän taslamasynyň bardygy belli boldy.

«Panama» taslamasy — bu biziň dünýädäki ähli kitaplary skanerdan geçirmäge synanyşygymyzdyr– diýlip Anthropic kompaniýasynyň resminamalarynyň birinde aýdylýar. – Biz bu ugurda işleýändigimizi hiç kimiň bilmegini islemeýäris.

Taslama 2024-nji ýyldan bäri hereket edýär. Kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň pikiriçe, neýroulgamlary «pes hilli internet-kontentinde» däl-de, ýokary hilli edebiýat boýunça okatmak zerurdyr (bu barada öz wagtynda Anthropic-iň top-menejerleriniň biri belläp geçipdi).

Işiň materiallaryndan belli bolşy ýaly, Anthropic kagyza çap edilen millionlarça tomlary satyn almak üçin onlap million dollar sarp etdi. Skanerleme işini ýörite awtomatlar amala aşyrýar: işi tizleşdirmek üçin ol kitabyň gapdalyny kesip aýyrýarlar we kitaplary aýratyn sahypalara bölýärler, ondan soň bolsa neşirler gaýtadan işlenmäge – zibile iberilýär.

Şeýle söwda bilen beýleki köp sanly korporasiýalar hem meşgullanýarlar. WP-niň bellemegine görä, resminamalar Anthropic, Google we OpenAI ýaly tehnologiýa kompaniýalarynyň öz modellerini öwredip biljek ägirt uly göwrümdäki maglumatlary almak üçin nämelere taýyndygyny görkezýär.

404 Media-nyň maglumatlarynda EA korporasiýalaryna kitap tapyp bermek hyzmatynyň tas özbaşyna pudaga öwrülip barýandygy nygtalýar. Bu bazarda EA ägirtleri üçin kagyz önümlerini köpçülikleýin satyn alýan birnäçe araçylar hem işleýär. Şeýle kompaniýalaryň biri bolan ISBNdb «dünýäde iň uly kitap maglumat bazasyny» döredýändigini aýdýar we 1 million nusga çenli tapgyrlaýyn söwdalary guramak kömegini teklip edýär.

404 Media kitap söwdasynyň wekilleriniň sözlerine salgylanyp, täze trendiň olaryň telekeçiliklerini düýpli üýtgedýändigini-de belleýär. Meselem, dükanlaryň biriniň söwdasy bir hepdede takmynan 20 kitapdan birnäçe ýüze ýetdi. Bu ýagdaý bukinistlerde garjaşyk duýgulary döredýär. Neşiriň çeşmeleriniň birinde agzalyşy ýaly, şeýle satyn alyşlar girdejini mese-mälim ýokarlandyrýar, ýöne özüňçe seretseň, «ahyr soňunda seýrek duş gelýän kitaplaryň gaýtadan işlenmäge gitmegi» saňa ýakymsyz täsir edýär. Ony diýseň, edil häzir hakykatdan hem gymmatly antikwar neşirleriň ýokarda agzalýan usul bilen skanerden geçirilip, ýok edilýändigine anyk delil ýok.

EA kompaniýalarynyň awtorlaryň rugsady bolmazdan olaryň eserlerinde neýroulgamlary «öwretmäge» hukugy ýok diýen aýyplamalar bilen açylýan kazyýet işleri «Panama» ýaly taslamalara päsgel bermeýär. Kazyýet kararlaryna görä, kanunda satyn alnan kagyz kitaplar arkaly (hatda olar derege ýaramaz derejä ýetirilse-de) EA modelleri öwretmek – düzgüni bozmak diýlen zat ýok.

Kornell uniwersitetiniň sanly hukuk professory Jeýms Grimmelmanyň pikiriçe, Anthropic kompaniýasynyň garakçy nusgalary ýüklemegiň deregine kagyz kitaplary satyn almak karary (hatda olaryň soňky ýok edilmegini göz öňünde tutanyňda-da) «akylly» we «has saldamly çemeleşme» ýaly bolup görünýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.