Täze “Möý adam” filminiň bikanun göçürmesi X-de 6 mln gezek görüldi

02.08.2026, 19:023,934

"Möý adam: Täze gün" filminiň bikanun göçürmesi ilkinji gezek görkezilişinden gysga wagt soň köpçülige elýeterli boldy. Variety žurnalynyň habar bermegine görä, film 31-nji iýul agşamy X sosial ulgamynyň saýtynda ýerleşdirilipdir.

Film alty sagadyň dowamynda 5,9 million gezek görlüp, ​​oňa 140 müňden gowrak "like" basyldy.

Wideo Marvel-iň talap etmegi boýunça 1-nji awgustda aşgabat wagty bilen sagat 3:35-de aýryldy. Ýaňy-ýakynda X platformasynda Kristofer Nolanyň "Odisseýa" filminiň göçürmesi hem birugsat paýlaşylypdy.

Filmiň prokatda ilkinji günler uly üstünlik gazananlygynam bellemek gerek. Diňe ABŞ-daky ilkinji görkezişlerde ol 72 million dollar girdeji gazandy we "Ar alyjylar" filminiň soňky bölüminiň goýan öňki rekordyndan (60 million dollar) geçdi.

Piter Parkeriň başdangeçirmeleriniň dördünji bölüminiň ABŞ-nyň kassa ýygymlarynda birinji week-end rekordyny goýmagyna garaşylýar. Çaklamalara görä, filmiň dünýäde gazanjak girdejisi eýýäm açylyş hepdesinde 900 million dollardan geçmegi ähtimal, bu bolsa ony kino taryhynda diňe "Ar alyjylar: Soňky bölüm" (1,2 milliard dollar) filminden soň ikinji iň şowly başlangyç bolmagyna getirer.
 

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.