«Möý adam: Täze gün» («Человек-паук: Новый день») filmi ilkinji hepde ahyrynda bütin dünýä prokatynda takmynan 927 million dollar gazanyp, «Ar alyjylar: Final» («Мстители: Финал») filminden soň kinolaryň taryhynda ikinji iň uly başlangyjy görkezdi. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär.
Şeýle hem film «Möý adam: Öýe ýol ýok» («Человек-паук: Нет пути домой») filminiň görkezen netijesinden öňe geçip, ilkinji dynç günlerinde ýygnalan pul möçberi boýunça franşizanyň iň üstünlikli filmi boldy (ol döwründe 600,5 million dollar toplapdy).
Täze filmiň wakalary bütin dünýäniň Piter Parkeriň kimdigini ýadyndan çykaran «Öýe ýol ýok» («Человек-паук: Нет пути домой») filminden soňky döwri gürrüň berýär. Dünýä premýerasy 31-nji iýulda boldy.
«Deadline» neşiriniň maglumatyna görä, «Sony» we «Disney» kompaniýalary filmi mahabatlandyrmak üçin Golliwudda rekord bolan 309 million dollar sarp etdiler. Ozalky rekord hem Möý adama degişlidi – 2019-njy ýylda «Möý adam: Öýden uzakda» («Человек-паук: Вдали от дома») filminiň marketingine 288 million dollar gönükdirilipdi.
Mahabat kampaniýasyna BMW, Samsung we Asus ýaly 165 sany brend gatnaşdy. Möý adamynyň keşbi «Fortnite» we «PUBG Mobile» wideo oýunlaryndaky mahabat uýgunlaşdyrmasynyň çäginde hem ulanyldy.
Seljerijileriň çaklamalaryna görä, filmiň bütin dünýä ýygymlary 2 milliard dollardan geçmäge doly laýyk. Eger bu görkezijä ýetilse, «Möý adam: Täze gün» («Человек-паук: Новый день») Piter Parker hakyndaky iň köp girdeji getirýän ýeke-täk film bolar.