Türkmenistanyň Mejlisi ýedi aýyň içinde ýedi kanun kabul etdi

03.08.2026, 18:216,611

2026-njy ýylyň ýanwar–iýul aýlarynda Türkmenistanyň Mejlisi ýedi sany kanun we 12 sany karar kabul etdi. Kanunçykaryjylyk işiniň netijeleri milli parlamentiň şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetiren işlerine bagyşlanan maslahatda jemlendi.

Hasabat döwründe raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, senagat howpsuzlygy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy hem-de suwuň biologik serişdelerini goramak, şeýle hem migrasiýa syýasaty baradaky kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Aýratyn-da, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» kanun kabul edildi.

Şeýle hem mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge, 2028-nji ýylda Halkara hukuk ýylyna bagyşlanan çäreleri guramaga, şeýle-de ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny bellemäge we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda meýilleşdirilen halkara çärelerine taýýarlyk görülýändigi barada habar berildi.

Parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, daşary ýurtlaryň wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirmäge, şeýle hem halkara tejribesini öwrenmek üçin deputatlaryň daşary ýurtlara amala aşyrýan iş saparlaryna aýratyn üns berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.