Mejlis gozgalmaýan emläk, kärende we paýdarlar jemgyýeti hakynda täze kanunlary taýýarlaýar

Düýn, 23:593,904

Türkmenistanyň Mejlisinde «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda» hem-de «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Kanun taslamalary taýýarlanylýar. Bu barada Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Şeýle-de, Mejlisde döredilen iş toparlary döwrüň talabyna laýyklykda «Kärende hakynda», «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda», «Neşirýat işi hakynda» we «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça iş alyp barýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde hem degişli işler geçirilýär.

Milli parlamentiň Başlygy Mejlisiň wekilleriniň Samarkant we Kuala-Lumpur şäherlerine amala aşyran iş saparlarynyň dowamynda kanunçykaryjylyk işinde tejribe alşandyklaryny hem habar berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň hukuk binýadyny pugtalandyrmak we kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.