Google Maps beýik jaýlaryň arkasyndaky ýoly görkezmegi öwrendi

04.08.2026, 17:412,542

Google kompaniýasy Android Auto üçin Google Maps kartasynda Immersive Navigation funksiýasyny tapgyrlaýyn ornaşdyrmaga başlady.

Täze ulgam 3D kartany ulanýar, beýik jaýlary dury görkezip, aňyrsyndaky ýollar hem görner ýaly edýär we sürüjilere çylşyrymly öwrümlerde hem çatryklarda has gowy hereket etmäge ýardam berýär.

Täzelenme häzirki wagtda diňe ulanyjylaryň bir bölegi üçin elýeterli, şonuň üçin programmanyň birmeňzeş wersiýalarynda hem interfeýs tapawut berip biler.

Täze nawigasiýa binalary, geçelgeleri we relýefi 3D görnüşinde görkezýär. Ýol zolagyny, ýolyşyklary, pyýada geçelgeleri we duralga belgilerini öwrümden öň görüp bolýar. Kartanyň ölçegi awtomatiki usulda sazlanýar we ýoluň has giň görnüşini üpjün edýär.

Google Maps alternatiw ýollaryň arasyndaky tapawutlary hem düşündirýär. Mysal üçin, nawigasiýa ulgamy ýollaryň tizlikdäni tapawudyny, töleglidigini görkezip biler, dykynly ýollardan aýlanyp geçmäge mümkinçilik berer. Programma Street View hyzmaty arkaly islendik ýeri heniz oňa ýetmänkäň görüp bolar ýaly eder, haýsy tarapdan dogry baryp boljagyny düşündirer.

Bu funksiýa ABŞ-da ýaýradylyp başlady. Kompaniýa onuň elýeterliligini Android we iOS enjamlaryna, Apple CarPlay-a we Google built-in ulgamly awtoulaglara giňeltmegi meýilleşdirýär. Beýleki ýurtlarda funksiýanyň işe giriziljek seneleri heniz yglan edilmedi.

Şeýle hem, Google programma gurnalan spidometriň diňe maglumat üçin niýetlenendigini we onuň görkezijileriniň ulagyň dolandyryş panelindäki maglumatlardan tapawutlanyp biljekdigini ýatladýar.
 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.