Gwatemalada Fuego wulkanynyň atylmagy sebäpli, sekiz sany ilatly nokadyň 1700-den gowrak ýaşaýjysy göçürildi.
Hökümet howpuň iň ýokary gyzyl derejesini yglan etmek bilen ýene-de, takmynan, 10 obadan adamlary göçürmegi dowam edýär diýip, Associated Press agentligi habar berdi.
Tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek boýunça milli agentligiň (CONRED) berýän maglumatyna görä, wulkan 2-nji awgustda işjeňleşip, ertesi irden atylyp başlady. Ondan pürkülip çykan kül 7 km töweregi belentlige ýetdi.
Howp sebäpli, wulkanyň golaýyndan geçýän 14-nji Milli awtoýol ýapyldy we howply zolakdaky mekdeplerde sapaklar ýatyryldy.
CONRED-iň we Wulkanologiýa institutynyň (Insivumeh) iň soňky maglumatlaryna görä, 23 sagat dowam eden aşa işjeňlikden soň, wulkanyň atylyş güýji kem-kemden peselmäge başlady. Muňa garamazdan, ägirt wulkanyň töweregindäki ýagdaý diýseň agyr bolmagynda galýar. Kül zyňyndylary eýýäm 18 oba öz täsirini ýetirdi.
Ölenler, ýaralananlar ýa-da weýran bolan jaýlar barada maglumat ýok.
Gwatemalanyň goranmak ministri Genri Saens ewakuasiýa edilen ilatly ýerlerde howpsuzlyk güýçleriniň 24 sagatlyk gözegçilik işlerini gurnandygyny aýtdy. Bu iş käbir ýaşaýjylaryň talaňçylykdan gorkup öýlerini terk etmekden boýun gaçyrmagy bilen bagly ýola goýuldy.