Dagystanda ekin meýdanlaryna çekirtge ýagdy

05.08.2026, 22:339,885
1 / 2

Dagystanyň (Russiýa Federasiýasy) Kizlýar etrabyna göçegçi çekirtgeler ýagdy. Ýerli ýaşaýjylaryň habar bermegine görä, mör-möjekleriň ummasyz uly topary zerarly birnäçe wagtlap daşary çykar ýaly bolmady.

«Göçegçi çekirtgeler edil bulut ýaly bolup, Dagystandaky ekin meýdanlaryny örtdüler. Ýerli ýaşaýjylaryň biri Kizlýaryň golaýynda ýagan çekirtgelerden ýaňa gök ýüzüniň garalyp gidişini wideo düşürdi» diýip, «Baza» Telegram-kanaly habar berýär.

Şeýle hüjümler bu sebitde öň hem bolup geçipdi. Mör-möjekleriň bu ýere himiki serişdeleri ulanmak gadagan edilen tebigy goraghanalardan gelendikleri çaklanylýar. Çekirtgeler iýmit gözläp, ekin meýdanlaryna ýagandan soň, hünärmenler hasyla ýetirilip bilinjek zyýany azaltmak maksady bilen bu ýerleri dermanlamaga başladylar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.