Güýçli «Delfin» taýfuny Ýaponiýanyň günortasynda 50 müňden gowrak binany toksuz goýdy we alty adamyň şikes almagyna getirdi. Tebigy hadysanyň esasy urgusy Okinawa hem-de Kagosima prefekturasyndaky Amami adalaryna düşdi diýip, Reuters habar berýär.
Taýfun zerarly tutuş Kagosima boýunça 39 müňe golaý bina elektrik energiýasyndan mahrum boldy, bir adama zeper ýetdi. Okinawada bolsa 12 müňden gowrak öý yşyksyz galdy, bäş sany garry adam şikes aldy. Olaryň üçüsi güýçli şemal sebäpli ýykylyp ýaralandy.
Üznüksiz ösýän şemalyň tizligi sagatda 162 km-e, güýjän wagty bolsa sagatda 216 km-e ýetdi.

Günorta sebitlerde 260 müňe golaý ýaşaýjysynyň göçürilmegi barada görkezme berildi.
ANA we Japan Airlines awiakompaniýalary 500-den gowrak uçuşy goýbolsun etdi. Toyota kompaniýasy öňüni alyş çäresi hökmünde dokuz zawodynyň işini wagtlaýyn togtatdy.
Soňra taýfun Hytaýa tarap ugrady. Onuň 10–11-nji awgustda Hytaýyň kenarýakalaryna zarba urmagyna garaşylýar. Bu sebäpli ýurduň gündogar welaýatlarynda mämişi (ikinji) derejeli howp yglan edildi.

Çjeszýanda portlaryň işi saklandy we siller barada iň ýokary howp derejesi yglan edildi. Beýleki gündogar we günorta etraplarda gämi gatnawy, gurluşyk işleriniň bir bölegi togtap, balykçy gämileri bolsa portlara ugradyldy.

Niňbo Lişe halkara howa menzili işini doly togtatdy, ähli uçuşlar gaýra goýuldy. Şanhaýdaky Ýanşan porty gämilerden boşadyldy. Şeýle hem Ýanszy deltasynda otlularyň gatnawy saklanyldy.
Sinoptikleriň çaklamasy görä, 12-nji awgusta çenli Hytaýyň käbir etraplarynda 600 mm-e çenli ýagyn ýagmagyna-da garaşylýar.