1909-njy ýylyň 21-nji awgustynda doglan beýik britaniýaly Etel Katerhem bu gün 117 ýaş toýuny belleýär. Ol Surreý graflygynyň Laýtwoter şäherçesindäki «Hallmark Lakeview» garrylar öýünde ýaşaýar.
Etel ene bu dabaraly güni maşgalasynyň we ýakynlarynyň arasynda belleýär.
«Meni doglan günüm bilen mähirli gutlanlaryň ählisi sag bolsun! 117 ýaşymda bolsamam, geçen ýyl meniň üçin kän täzelik getirdi. Hatda lamany sypalap, patyşa bilenem elleşip ýetişdim» — diýip, Katerhem şatlygyny paýlaşýar.
Hakykatdanam Etel ene geçen ýylyň sentýabr aýynda patyşa Karl III bilen duşuşypdy. Şonda ol 1969-njy ýylda, geljekki patyşa ýaňy bir 21 ýaşyndaka Wels şazadasy diýlip yglan edilendäki dabarany ýatlady:
«Şol wagt gyzlaryň bary size aşykdy, size durmuşa çykmak hakda hyýal ýüwürdýärdiler».
Katerhemiň özi patyşa Edward VII-niň döwründe doglan we bu monarhyň döwründen diri galan ýeke-täk raýatdyr. Eteliň özi sekiz çagaly maşgalanyň ýedinji çagasy ekeni.
«Biziň ne telewizorymyz, ne radiomyz, ne-de bir başga zadymyz bardy. Şonuň üçinem özümiz aýdym dörederdik. Üstesine togumyz hem ýokdy» — diýip, garry ene ýatlaýar.
Onyň Gledis atly uýasy-da uzak ýaşap, 104 ýaşap aradan çykypdyr.

2025-nji ýylyň aprel aýynda braziliýaly keşiş zenan Ina Kanabarru Lukas ýogalanyndan soň, Katerhem resmi taýdan dünýäniň iň uly ýaşly adamy diýlip yglan edildi.
Katerhem öz uzak ýaşamasynyň syryny üç sany ýönekeý düzgüne baglaýar. Olar beýle bir kyn zatlaram däl: dawa-jenjelden uzak durmaly, başgalary diňlemegi başarmaly we halaýan işiň bilen meşgullanmaly.
Ginnesiň rekorlar kitabynyň maglumatyna görä, Etel ene COVID-19 keselini ýeňip geçen iň uly ýaşly adamlaryň hem biridir. Katerhem bu keseli 2020-nji ýylda, 110 ýaşyndaka başyndan geçirdi.
Ol geljekki ýoldaşy, britan goşunynyň podpolkownigi Norman bilen 1931-nji ýylda tanyşýar. Soňra är-aýal Gonkongda ýaşaýar. Katerhem ol ýerde çagalar bagyny açýar. Iki gyz perzendi dünýä inderen Etel ene olaryň dünýeden gidenini-de görmeli bolýar. Häzirki wagtda onuň üç agtygy we bäş çowlugy bar.

Uzak ýaşamak boýunça gaýtalanmasyz rekord, häzirem öňküsi ýaly, 1997-nji ýylda 122 ýaşynda (has takygy, 122 ýaş 164 gün) aradan çykan fransuz zenany Žanna Kalmana degişlidir.