21-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň desgalar toplumynda işleriň gidişi bilen tanyşdy. Aşgabadyň günortasynda ýerleşýän bu lukmançylyk edarasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýän bu merkeziň gurluşygyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak patasy bilen badalga berlipdi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myratberdi Gaýypow döwlet Baştutanyna alnyp barylýan işler, bölümleriň enjamlaşdyrylyş derejesi we ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşy barada hasabat berdi.
Halkara pediatriýa merkezi 5 gatdan ybarat bolup, 3 ýaşdan ýokary bolan çagalara dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlykda lukmançylyk hyzmatlaryny bermek üçin niýetlenendir.

Täze lukmançylyk toplumynyň aýratynlyklarynyň arasynda:
- Çagalaryň ruhuny göterjek döwrebap bezegi, elektron resminama dolanyşygy we amatly şertleri bolan maslahat beriş bölümi;
- Maglumatlary çalt toplamak üçin emeli aň tehnologiýalaryny peýdalanýan, funksional we şöhle bilen anyklaýyş ugurlaryny hem-de endoskopiýa barlaglaryny öz içine alýan anyklaýyş bölümi;
- Sanly rentgen otagy, intensiw bejeriş otagy we çagalaryň saglygyny dikeldýän pursatlarynda olaryň ünsüni sowmak üçin interaktiw ekranlary bolan bejeriş bölümi;
- Gerekli maglumatlary gyssagly hem ýokary hilli almak we onlaýn aragatnaşygy ýola goýmak üçin bölümleriň arasynda wideoaragatnaşyk mümkinçiligi bolan operasiýa bölümi;
- Ýokanç keselleriň ýaýramazlygy üçin talabalaýyk şertleri bolan operasiýadan soňky bölüm;
- Sanly tehnologiýalar ornaşdyrylan rahat ýatymlaýyn otaglar, şeýle hem oýun meýdançasy bar.
Serdar Berdimuhamedow baş meýilnamany, zallaryň, kliniki barlaghanalaryň, operasiýa, maslahat beriş, anyklaýyş, bejeriş bölümleriniň we ýatymlaýyn otaglaryň çyzgylaryny hem-de şekil taslamalaryny gözden geçirdi. Döwlet Baştutany merkeziň işine sanly ulgamlary we emeli aňy ornaşdyrmak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Merkeziň özboluşlylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti binalarda çagalaryň dünýäsine mahsus şertleri döretmegiň zerurdygyny belledi we hödürlenen taslamalara öz düzedişlerini girizdi.
Otaglary gözden geçirmegiň dowamynda döwlet Baştutany arassaçylyk, sanitar kadalaryny berjaý etmäge, şeýle hem enjamlaryň uzak möhletleýin esasda ulanylmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Mundan başga-da, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak babatynda aýratyn tabşyryklar berildi.
Halkara pediatriýa merkeziniň açylyşy Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň gününe meýilleşdirilýär.