Serdar Berdimuhamedow «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady

Şu gün, 15:421,328

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dutarçy bagşy-sazandalary «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna çykmaklary bilen gutlady.

TDH-nyň ýatladyp geçişi ýaly, bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde geçirilýär.

Döwlet Baştutany dutarçy bagşy-sazandalara täze döredijilik üstünliklerini arzuw etdi we milletiň aýdym-saz sungatyny wagyz etmekde hem-de ösdürmekde olaryň eýeleýän ornuny belledi. Ol dutaryň we gyjagyň owazyndan döreýän aýdym-sazlaryň ýurduň gazanan üstünliklerini, häzirki eýýamy we halkyň bagtyýar durmuşyny wasp etmäge ýardam edýändigini nygtady.

Serdar Berdimuhamedow öz gutlagynda Türkmenistanyň medeni diplomatiýasynyň ösüşini hem belläp geçdi. Ol agzybirlik, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürmäge, şeýle hem halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet tarapyndan medeniýet ulgamyny, şol sanda milli mirasy we sungaty daşary ýurtlarda wagyz etmäge aýratyn üns berilýändigini nygtady. Ol bäsleşigiň «ýaş, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmaga we olaryň kalbynda milli adym-saz sungatyna söýgini has-da artdyrmaga uly ýardam berýändigini» belledi.

Gutlagda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» kitabyndan şeýle sözler getirilýär:

«Dutar — üýtgeşik bir senet, jadyly senet. Aslynda, türkmen öýüni bezeýän, türkmen öýüni gelşigine getirýän zatlaryň biri — dutar. Haýsy öýüň dulunda dutar bar bolsa, şol maşgala salykatly, medeniýetli, düşünjeli görülýär. Haýsy öýüň töründe dutar bar bolsa, şol hojalyk döwletli, bereketli, rysgally hasap edilýär».

Sözüniň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow dutarçy bagşy-sazandalary jemleýji tapgyra gatnaşmaklary bilen ýene bir gezek gutlap, olara jan saglyk we täze döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.