Döwlüp, ekranynyň goragy gopdy: Pixel 11 Pro Fold berklik synagyndan geçip bilmedi

Düýn, 12:023,589
1 / 2

YouTube-daky JerryRigEverything kanalynyň blogeri Zak Nelson Google-yň eplenýän täze flagman smartfony bolan Pixel 11 Pro Fold-y berklik synagyndan geçirdi.

Ilki ol smartfonyň daşky ekranynyň çyzylman saklanyşyny barlady. Displeý diýseň-diýmeseň berk bolup çykdy — onuň ýüzünde diňe Moos şkalasy boýunça ýitiligi 7-ä deň bolan gural ulanylanda yz galdy. Içki ekrany bolsa, şuňa meňzeş beýleki eplenýän enjamlarda bolşy ýaly, hatda dyrnagyň bilenem arkaýyn çyzyp bolýar.

Soňra Nelson smartfony ters tarapyna gaňryp, onuň berkligini barlady. Şarnir aňsatlyk bilen döwüldi, daşky ekrany goraýan aýna bolsa büs-bütin gopdy. Munuň yz ýany, yzky paneli hiç bir kynçylyksyz aýyrmak başartdy.

Bellemeli zat, Nelsonyň öňki synaglarynda hem Google-yň eplenýän enjamlarynyň ählisi sähel güýç bolsa-da şol bir ýerinden, ýagny antennalaryň ýerleşýän çyzygyndan döwülipdi. Bloger öz kanalynda kompaniýanyň eplenýän smartfonlarynyň ählisiniň synaglarynyň bardygyny we enjamyň her gezek hut şol ýeriniň ejiz gelýändigini ýatlatdy.

Nelson geljek ýyl Google bu bellikleri sapak edinip, smartfonyň gurluşyny üýtgeder diýip umyt bildirdi. Onuň ýakynda synagdan geçiren Galaxy Fold 8-i täze şarnir oturdylandan soň, diýseň berk bolup çykypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.