Ýewropa çybyn arkaly ýaýraýan keselleriň howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Iň wawwaly ýeri-de, ýurtlaryň bu wehime garşy durmak mümkinçilikleri deň däl diýip, Euronews habar berýär.
Ýewropada keselleriň öňüni almak we gözegçilik etmek boýunça merkezi (ECDC) Günbatar Nil ýokanjynyň ýaýramagyny dowam etdirýändigi hem-de çybynyň del görnüşleriniň täze sebitlere ornaşýandygy sebäpli gözegçiligi güýçlendirmäge we olara garşy göreş çärelerini giňeltmäge çagyrdy.
«Günbatar Nil ýokanjynyň örüsiniň giňemegi, şeýle hem del çybyn görnüşleriniň ýaýramagy Ýewropanyň näme sebäpden çybynlara garşy göreşde bilini berk guşamalydygyny görkezýär» diýip, ECDC-niň azyk, suw, transmissiw we zoonoz keselleri boýunça hünärmeni Selin Gosner aýtdy.
Bu duýduryş tomusdaky ýokançlygyň örç alýan aýny wagtynda berildi. Bu ýylda Ýewropanyň alty sebiti ilkinji gezek Günbatar Nil ýokanjynyň degendigi barada habar berdi. ECDC-niň maglumatyna görä, 13-nji awgusta çenli Ýewropanyň dokuz ýurdunda 429 gezek kesel ýokuşma ýagdaýy hasaba alyndy. Adatça keseliň geçişiniň iň ýokary derejesi awgust we sentýabr aýlarynyň başyna düşýär, şol sebäpli şeýle ýagdaýlaryň ýene köpelmegine garaşylýar.
Şol bir wagtyň özünde, Aedes albopictus diýlip atlandyrylýan aziýa gaplaň çybyny Ýewropanyň 16 ýurdunda ornaşdy. Bu hasap 12 ýyl mundan öňküden iki essе köpdür. Çybynyň bu görnüşi ozal esasan tropiki we subtropiki sebitler bilen baglanyşdyrylýan denge we çikungunýa ýokançlyklaryny ýaýratmaga ukyplydyr.
ECDC-niň geçiren barlaglarynyň netijesinde, çybynlara gözegçilik etmek we olaryň sanyny çäklendirmek boýunça ýurtlaryň arasynda maliýeleşdiriş hem-de guramaçylyk taýdan uly tapawutlaryň bardygyny ýüze çykardy. Sowalnama gatnaşan 38 ýurtdan we çäkden diňe 26-sy öz maglumatlaryny paýlaşdy.
Maksatnamalaryň köpüsi uzak möhletleýin meýilnamalaşdyrylman, diňe gysga möhletli maliýe serrişdelerine bagly bolup galýar. Üstesine-de çybynlara garşy göreş bilen bagly jogapkärçiligiň milli, sebit ýa-da ýerli edaralaryň arasynda paýlanmagy ýurtlaryň özara sazlaşykly işleşmegine päsgelçilik döredýär.
«Çybynlaryň ýaýramagynyň öňüni almak üçin bize Ýewropada berk hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerurdyr. Bize diňe bir gözegçilik däl, eýsem ýerli ilaty bu işe çekmek we daşky gurşawa zyýan ýetirmezden takyk ugurlara gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri gurnamak gerek» diýip, Gosner aýratyn belledi.
ECDC-niň maglumatyna görä, gaýtawul beriji çäreler köplenç diňe bir gezeklik häsiýete eýe bolup, esasan uly çybynlara gönükdirilýär, del populýasiýalary düýpli gyrmak boýunça uzak möhletli strategiýalar bolsa umuman ýok diýseňem bolýar. Ýurtlar bu babatda himiki we himiki däl usullardan, şol sanda liçinkalary ýok etmek ýaly çärelerden peýdalanýarlar.
Howanyň üýtgemegi bu meseläni has-da ýitileşdirýär. ECDC-niň maglumatlarynda Günbatar Nil ýokanjy, denge we çikungunýa keselleri üçin eýýäm has uzak we işjeň geçiş möwsümleri hasaba alynýar. Üstesine-de aşa maýyl şertler hem çybynlar üçin amatly gurşaw döredip, ýokançlaryň durnukly aýlanýan döwrüni has-da uzaldýar.