Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy

Düýn, 10:056,169
1 / 2

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň demirgazyk künjeginde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu binanyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär diýip, TDH habar berýär.

Bu döwrebap lukmançylyk merkezini saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilýän gününde açmak meýilleşdirilýär.

Merkezde Gurbanguly Berdimuhamedowy saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow hem-de gurluşyga jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesow garşylady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy binalar toplumynyň daşky görnüşi, ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşy we gök zolaklary döretmek işleri bilen tanyşdy hem-de bu meselelere ylmy esasda çemeleşmelidigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri merkeziň eýwanyndaky taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda germaniýaly dünýä belli professor-lukmanlar Fritz Şpelsberg hem-de Sýuzanna Şpelsberg bilen söhbetdeş boldy.

GFR-iň Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumynyň we hususy lukmançylyk tejribe merkeziniň lukmanlary şekil taslamalarynda görkezilýän enjamlaryň aýratynlyklary, olaryň onkologiýa keseliniň öňüni almak we bejermek mümkinçilikleri barada maglumat berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen saglygy goraýyş we onkologiýa boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin täze Çarçuwaly maksatnamanyň taýýarlanandygyny aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy merkezde ýerleşýän maslahat beriş, funksional-anyklaýyş, şöhle bilen anyklaýyş, seljeriş-intellektual, bitewi sanly ulgam modullary, endoskopiýa, ulular we çagalar üçin ambulator gematologiýa, umumy şöhle bilen bejeriş, sagaldyş-dikeldiş hem-de dermatologiýa ylmy-kliniki bölümleriniň, çagalar üçin ambulator gematologiýa, radiofarmasewtika önümçilik bölümleriniň we beýleki otaglaryň şekil taslamalary hem çyzgylary bilen tanyşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň enjamlaşdyrylyşynda sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyna üns berilmelidigini aýtdy.

Germaniýaly lukmanlar bu ýerde radioaktiw galyndylary zyýansyzlandyrmak ulgamynyň işine ýokary baha berdi. Merkeziň çäklerinde radioaktiw suwuk galyndylar üçin ýörite gaplar döredilip, olarda saklanyljak suwuk galyndylar ösen tehnologiýalar arkaly zyýansyzlandyrylar.

Bölümler bilen tanyşlygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary tizlikli interneti bökdençsiz ýola goýmak, kadaly howa çalşygyny gözegçilikde saklamak we näsaglaryň ýakynlary üçin maglumatlary sanly ulgam arkaly elýeterli etmek barada birnäçe maslahatlary berdi.

Şeýle hem ol merkezde zähmet çekjek onkolog lukmanlaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmak, kliniki ordinatorlary we ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça okuwlary guramagyň, bu meselede Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlarynyň daşary ýurtly professorlar bilen bilelikde iş alyp barmagynyň wajypdygyny nygtady.

Binanyň daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyşynyň hem ünsden düşmeli däldigi we oňa hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmelidigi bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň açylyş dabarasyny guramaçylykly geçirmek we halkara ylmy-amaly maslahaty guramak babatda birnäçe maslahatlary berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.