Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda täze saglyk şäherçesini döretmegi teklip etdi. Degişli teklip 23-nji awgustda paýtagtyň demirgazyk böleginde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşlygyň dowamynda aýdyldy diýip, TDH habar berýär.
Binany gözden geçirmegiň dowamynda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmaga toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigi nygtaldy. Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde eýýäm häzirkizaman saglyk merkezleriniň emele gelendigini belledi we täze lukmançylyk edaralarynyň gurluşygyny dowam etdirmek babatda maslahatlaryny berdi.
Ol Aşgabadyň günorta künjeginde döwrebap saglyk merkezlerinden ybarat bolan özboluşly şäherçäniň döredilendigini ýatlatdy. Gurbanguly Berdimuhamedow häzirkizaman talaplary we ýokary halkara görkezijileri göz öňünde tutup, şäheriň şu demirgazyk künjeginde-de saglyk şäherçesini gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Degişli ýolbaşçylara täze saglyk şäherçesini döretmek meselesini giňişleýin öwrenmek, ony degişli düzümler bilen maslahatlaşmak we taýýarlanan teklipleri Türkmenistanyň Prezidentine hödürlemek tabşyryldy.
Teklip makullanan halatynda, kämil lukmançylyk merkezlerini özünde jemlejek saglyk şäherçesini döretmek işlerine hemmetaraplaýyn we oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigine aýratyn üns berildi.