«Adilet» partiýasy Gazagystanyň Gurultaýynyň saýlawlarynda 70%-den gowrak ses aldy

Şu gün, 00:51291

«Adilet» partiýasy Gazagystanyň täze bir palataly parlamenti bolan Gurultaýyň ilkinji saýlawlarynda sesleriň 71,17%-ni gazandy. Deslapky netijeleri 24-nji awgustda ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Nurlan Abdirow mälim etdi.

23-nji awgustda geçirilen saýlawlara ýedi partiýa gatnaşdy. Bäş göterimlik böwetden geçmek syýasy güýçleriň diňe bäşisine başartdy. Ikinji orny 6,26% ses bilen «Auyl» partiýasy, üçünji orny bolsa 5,56% bilen «Respublica» eýeledi. Gurultaýa şeýle hem 5,21% ses bilen «Ak žol» we 5,11% bilen Ählihalk sosial-demokratik partiýasy geçýär.

Gazagystanyň Halk partiýasy sesleriň 3,11%-ni, «Baýtak» ýaşyllar partiýasy bolsa 1,07%-ini aldy. Bu görkeziji bilen olar bellenilen böwetden geçip bilmediler. Saýlawçylaryň ýene 2,51%-i ählisine garşy ses berdi. Saýlawçylaryň jemi 74,08%-i ses berdi.

Bu saýlawlar iki palataly parlamentden bir palataly ulgama geçmegi göz öňünde tutýan täze Konstitusiýanyň 1-nji iýulda güýje girmeginden soň geçirildi. Gurultaý partiýa sanawlary boýunça bäş ýyl möhlete saýlanýan 145 deputatdan ybarat bolar.

«Adilet» partiýasy şu ýylyň maý aýynda döredildi we iýun aýynda resmi ýagdaýda hasaba alyndy. Oňa dessine 1999-njy ýylda döredilen «Otan» (soňraky ady «Nur Otan») partiýasynyň hukuk mirasdüşeri bolan «Amanat» partiýasy-da goşuldy.

Merkezi saýlaw topary saýlawlaryň jemleýji netijelerini kanunçylykda göz öňünde tutulan çäreler tamamlanandan soň yglan eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.